YKDYSADYÝET

Ekişe taýýarlyk görülýär

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň işçileri güýzlük bugdaý ekiş möwsümine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görýärler. Kärhanada möwsümde işlediljek dürli kysymly traktorlaryň taýýarlygyna üns güýçlendirilýär. Şeýle hem ulanyljak däne ekijileriň 52-si, dökün sepijileriň 28-si, derman pürküjileriň 48-si, dişli boronalaryň 818-si, malalaryň 115-si doly abatlanyldy. Şu ýyl etrap boýunça 15500 gektara güýzlük bugdaý ekmek göz öňünde tutulýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: