YKDYSADYÝET

Bäherden etrabynyň maldarlary gyşa taýýarlykly barýarlar

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň maldarlary gyş üçin ot-iým taýýarlamak işlerine jogapkärçilikli çemeleşýärler.

Häzirki döwürde etrabyň maldarçylyk hojalyklary ot-iým üpjünçiligi üçin niýetlenen ýer böleklerinde ot-iýmlik ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde degişli işleri alyp barýarlar. Ýurdumyzda maldarçylyk pudagyny ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak hem-de önüm berijiligini ýokarlandyrmak babatdaky öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşýan etrabyň maldarlary gyş üçin däneli ösümlikleri, ýorunja we beýleki meýdan otlaryny ýetişdirýärler. «Bereketli toprak» gazetiniň habar bermegine görä, olar şu güne çenli ýorunja bedesinden 603 tonna, iri baldakly otlardan 260 tonna golaý ätiýaçlyk ot goruny döredip, gyş möwsümine taýýarlykly barýarlar. Bu babatda etrabyň «Kirpili» maldarçylyk hojalygynda alnyp barylýan işler has-da guwandyryjydyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: