JEMGYÝET

Ýaşlar guramasy «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirdi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň guramagynda welaýat kitaphanasynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazet habar berýär.

Bu çärä ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary, önümçiligiň öňdebaryjylary, bilim işgärleri, kitaphanaçylar gatnaşdylar. Onda «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonuň ýaly-da, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly ýerlerden gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek hem esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: