YKDYSADYÝET

Halaçly telekeçi şifer öndürýär

Halaç etrabynyň Magtymguly geňeşliginiň çäginde işini alyp barýan «Päkize» hususy kärhanasynda günde asbest şiferleriniň 850-den 1000-e çenlisi öndürilýär.

Kärhana şifer öndürmek üçin gerekli çig malyň 90 göterime golaýyny Türkmenistandaky önüm öndürijilerinde satyn alýar. Mysal üçin, esasy çig mal bolup hyzmat edýän sement «Lebap» sement zawodyndan alynýar. Asbest bolsa Gazagystandan getirilýär.

Bu ýerde öndürilen şifer ýokary hilliligi we berkligi bilen tapawutlanýar. Ol  üstünde 5 halta sementi goýlanda hem döwülmeýär. Bu 250 kilograma barabardyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: