SPORT WE SYÝAHAT

Dzýudo boýunça Lebabyň açyk çempionaty geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 4-nji sport mekdebinde dzýudo boýunça geçirilen welaýatyň açyk çempionaty ýaş pälwanlara güýçlerini synamaklary üçin özboluşly meýdança öwrüldi. Ýaş derejeleriniň 3-si boýunça geçirilen tutluşyklara paýtagtdan we ýurdumyzyň welaýatlaryndan türgenleriň 700-e golaýy gatnaşdy.

Lebaply pälwanlar ýaryşyň ilkinji gününden öz ussatlyklaryny görkezip, ýokary netijeleri gazandylar. Ýagny, 2010 — 2011-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda geçirilen tutluşyklarda 16 agram derejäniň 14-sinde lebaply oglan-gyzlar birinji orny eýeläp, çempionlygyny gazandylar.

Galan 2 agram derejesinde Aşgabat şäheriniň we Mary welaýatynyň türgenleri ýeňiji boldular. Türgenler bu ýokary üstünligi 2007 — 2009-njy ýyllarda doglan dzýudoçylaryň arasynda guralan ýaryşlarda hem gaýtaladylar. Ýagny, bu ýaş derejesindäki ýaryşlarda dzýudoçylarymyz 16 agram derejäniň 9-sy boýunça birinjilige mynasyp boldular. Agram derejeleriniň 6-synda bolsa paýtagtly türgenler çempion boldular.

2004 — 2006-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda guralan tutluşyklarda hem Lebap welaýatynyň ýaş pälwanlary 57, 63, 78, 100 kilograma çenli agram derejeleri boýunça çempionlygy elden bermediler. Bu ýaş toparynda Aşgabat şäheriniň türgenleri agram derejeleriniň 6-synda, Mary welaýatynyň türgenleri bolsa agram derejeleriniň 2-sinde ýeňiji boldular.

Ýeri gelende aýtsak, 3 günläp dowam eden ýaryşda Lebap welaýatyndan ýeňiji bolan ýaş pälwanlarymyzyň aglabasy Türkmenabat şäherindäki 4-nji sport mekdebiniň türgenleridir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: