JEMGYÝET

Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hasabat ýygnagy geçirildi

Lebap welaýat häkimliginde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan 2023-nji ýylyň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, edara-kärhanalaryň ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklary we işewürleri hem-de kümüş saçly eneler gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat, etrap-şäher bölümleriniň guramaçylygynda ýerine ýetirilen işleriň netijesine baha berildi, şeýle-de üstümizdäki ýylda meýilleşdirilen anyk işler, öňde durýan wajyp wezipeler kesgitlenildi.