JEMGYÝET

Farap şäher kitaphanasynda täze kitap sergisi işläp başlady

Çärjew etrabynyň Farap şäher kitaphanasynda «Türkmenistan — özgerişleriň mekany» atly täze kitap sergisi guraldy.

Onda Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan kitaplar, Türkmenistany ykdysady we medeni-durmuş taýdan ösdürmegiň maksatnamalary, olaryň ýerine ýetirişini beýan edýän neşirler, bu barada makalalar çap edilen žurnallar we gazetler goýulypdyr.

Sergini görmäge gelenler ondaky neşirleriň üsti bilen soňky ýyllarda ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ykdysadyýetde we medeni-durmuş ulgamynda ýetilen sepgitler bilen tanşyp bilerler. Türkmenistanda bolup geçýän özgertmeler barada gyzyklanýan islendik adam bu ýerden özüne gerek maglumatlary alyp biler.

Serginiň açylyşyna kitaphananyň okyjylary gatnaşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: