Aziýa kubogy: Iordaniýa taryhynda ilkinji gezek finala çykdy
Kataryň ýaşyl meýdançalarynda geçirilen Aziýa kubogynyň ilkinji ýarym final oýnunda garaşylmadyk netije hasaba alyndy.
«Ahmed bin Ali» stadionynda geçirilen Iordaniýa bilen Günorta Koreýanyň arasyndaky oýun 2: 0 hasabynda tamamlandy.
Oýnuň 53-nji minutynda Al Naýmat hasaby açan bolsa, 66-njy minutda Al Tamari aradaky tapawudy iki-ä ýetirdi. Bu gollar Iordaniýany taryhynda ilkinji gezek finala çykardy.
Şu gün, 7-nji fewralda «Al Tumama» stadionynda Kataryň we Eýranyň milli ýygyndylary final ýollanmasy üçin bäsleşer. Geçiriljek bu bäsleşige baş emin hökmünde kuweýtli Ahmed Alali ýolbaşçylyk eder.
Ganatlarda oňa watandaşy Abdulhadi Alanezi we malaýziýaly Muhammet Zairul bin Halil Tan kömek eder.