JEMGYÝET

Dutar ýasamak senetçiligi hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi

ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň 2021-nji ýylyň 13 — 18-nji dekabry aralygynda Pariž şäherinde geçirilen 16-njy mejlisiniň dowamynda dutar ýasamak senetçiligini hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek barada çözgüt biragyzdan kabul edildi.

Habar berlişi ýaly, şu ýylyň 30-njy ýanwarynda ÝUNESKO-dan degişli güwänamanyň asyl nusgasy gelip gowuşdy.

Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa 31-nji ýanwarda geçirilen iş maslahatynda hasabat berdi.

Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: