JEMGYÝET

«Iň göreldeli serhet gala» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda guralan bu bäsleşik serhet galalarynda gulluk edýän serhetçileriň gulluk borçlaryna berjaý etmeklerini, şahsy düzümiň arasynda düzgün nyzamyň talaplarynyň pugta ýerine ýetirilmegini, olaryň syýasy we söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmagy gazanmak maksady bilen geçirildi.

Iki tapgyr boýunça geçirilen bu bäsleşikde geçen ýylyň jemleri boýunça tapawutlanan serhet galalar ýüze çykaryldy. Seljerme işleriniň netijelerine laýyklykda,  podpolkownik Parahat  Berdiýewiň serkerdelik edýän serhet birikmesinden kapitan Döwran Kakabaýewiň serkerdelik edýän serhet galasy 1-nji, maýor Maksat Agabaýewiň serkerdelik edýän serhet birikmesinden uly leýtenant Suhan Orazmyradowyň serkerdelik edýän serhet galasy 2-nji, podpolkownik Nazarhan Ataýewiň serkerdelik edýän serhet birikmesinden uly leýtenant Agajan Allaberdiýewiň serkerdelik edýän serhet galasy 3-nji orna mynasyp boldy. Ýeňiji bolan serhet galalar Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Bu barada «Esger» gazeti habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: