Dutar Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna hödürlenildi

Oct 20, 2020

Orient habar beriş agentligini ýazmagyna görä, ÝUNESKO-nyň sanawyna girizmek üçin “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty” atly hödürnama bu guramanyň sekretariaty tarapyndan hasaba alyndy.
Şol hödürnama ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasy boýunça hökümetara komitetiniň 2021-nji ýylyň noýabr aýynda geçiriljek mejlisinde seredilmegi göz öňünde tutulýar.
Häzirki wagtda ÝUNESKO bilen özara hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen halkynyň medeni we ruhy gymmatlyklary bolan ahalteke atlarynyň we alabaýlaryň dünýä derejesindäki ähmiýetini ýokarlandyrmak üçin halkara kadalara laýyklykda, hödürnamany taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.
Ozal türkmen halkynyň «Görogly» şadessany, «Küştdepdi aýdym we tans dessury» hem-de Türkmen milli halyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilipdi.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: