Wideoaragatnaşyk arkaly awstriýa işewürleri bilen duşuşyk geçirildi
Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatyň tertibinde “Palfinger AG”, “Rosenbauer AG”, “LGP GmbH”, МВА MLE-SGC Consulting GmbH, “Liebherr” we beýleki öňde barýan awstriýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýty habar berýär.
Türkmen tarapyndan aragatnaşyga Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, “Türkmendeňizýollary” agentliginiň, “Türkmenawtoýollary” agentliginiň, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” Döwlet konsernleriniň, Merkezi bankyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri çykdylar.
Duşuşygyň çäklerinde Awstriýanyň wekilleri ugurlaryň giň gerimi boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygyny bildirmek bilen, Awstriýa kompaniýalarynyň assossiasiýasyny döretmek hakynda habar berdiler. Hususanda, IT-tehnologiýalary, gurluşyk ulgamynda, dag gazyp çykaryş, burawlama pudagynda ulgamlar we gurnamalar, turbageçiriji we sorujy ulgamlary, şeýle hem ýangyn howpsuzlygy üçin ulgamlar we toplum birlikleri çygrynda kompaniýanyň işi hakyndaky maglumatlar berildi.
TSTB agzalary awstriýa hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge we berkitmäge taýýarlygyny bildirdiler.