MEDENIÝET

Lebaply aktrisa teatr festiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň aktrisasy, Türkmenistanyň halk artistkasy Akjagül Suhanowa Aşgabatda geçirilen teatr festiwalynyň baýragyna mynasyp boldy.

21—25-nji fewral aralygynda «Türkmen teatr sungaty» atly geçililen festiwala lebaply teatr işgärleri «Mertler Watany beýgeldýär» spektaklyny görkezdiler. Akjagül Suhanowa režissýor Perhat Hudaýberenowyň goýan bu spektaklynda enäniň roluny oýnady. Emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda, oňa «Iň kiçi roly gowy ýerine ýetirendigi üçin» atly baýrak gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: