YKDYSADYÝET

«Uzboý» haryt nyşanly unaş önümleri öndürilýär

Balkanabat şäherindäki «Parfiýa gurluşyk» hususy kärhanasynda dürli görnüşli, ýokary hilli unaş önümleriniň her gün 1 tonna 250 kilograma golaýy öndürilýär. Bu barada «Balkan» gazeti habar berýär.

Dürli hilli, tagamly unaş önümleri 400, 500 gramlyk hem-de 1 we 5 kilogramlyk gaplarda müşderilere hödürlenýär. «Uzboý» haryt nyşany bilen elýeterli bahadan ilata ýetirilýän önümler beýleki welaýatlaryň alyjylary tarapyndan hem uly islegden peýdalanýar.