DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Jonson tutluşykda Ýemelýanenkodanyň bilgeşleýin utulan diýip aýyplanylýar

Garyşyk stilde çykyş edýän amerikaly göreşiji (MMA) Timoty Jonson Ýemelýanenkodan bilgeşleýin utuldy. Bu barada «Спорт-Экспресс»-e «Bellator»-da çykyş edýän Sergeý Haritonow gürrüň berdi, diýip «mail.ru» ýazýar.

Türgen amerikalyny ýörite ýeňilenliginde aýyplady. «Adamlaryň haçan uruşýandygyny, haçan orta çykyp, düşnüksiz hereket edýändigini görýärin» diýip Haritonow aýdanlarynyň üstüne goşdy.

Şonup ýaly-da, russiýaly Jonsonyň ozalky tutluşyklarda özüni gowy alyp barandygyny belledi. «Bu ýykylany üçin Timotä pul tölenilendigini aňlatmaýar. Belki, ol özüçe Fýodora hormat goýýandyr» diýip, türgen subutnamalarynyň ýokdugyny mälim etdi.

23-nji oktýabrda Moskwada «Bellator 269» turnirinde Ýemelýanenkodan ýeňildi. Tutluşyk birinji raundda russiýalynyň garşydaşyny nokauta ibermegi bilen tamamlandy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: