DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«Google Play Music» ýapylýar

Merkezi edarasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýerleşýän «Google» kompaniýasy ulanyşdan galdyrylan goşundylarynyň hataryna «Google Play Music» hyzmatyny hem goşmakçy.
«YouTubeniň» «Music» hyzmatynyň çykmagy bilen ozalky ähmiýetini we wajyplygyny ýitiren hyzmat öňümizdäki sentýabrdan başlap, assa-ýuwaşdan ýapylyp başlanar.
Kompaniýa tarapyndan habar berlişi ýaly, sentýabr aýynda Awstraliýa bilen Täze Zelandiýada, oktýabrda bolsa tutuş dünýäde «Google Play Music» hyzmaty ýapylar.
Hyzmat 2011-nji ýylyň 16-njy noýabrynda işe girizilipdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply