SPORT WE SYÝAHAT

Messi «Barselona» klubynyň täze prezidenti bilen gepleşikleri geçirmekçi

Argentinaly hüjümçi Lionel Messi «Barselona» bilen ömürlik şertnama baglaşmak üçin şertleri öňe sürdi. Bu barada «sportmail.ru» habar berýär.
Çeşmäniň maglumat bermegine görä, futbolçy katalonlylaryň ýolbaşçysy bilen gepleşIkleri geçirmekçi we klubyň täze prezidenti Žoan Laporta bilen duşuşmakçy.
Messi klubdan çempionlar Ligasynda «Barselonanyň» ýeňişlerini göz öňünde tutýan, özüne düşnükli bolan takyk sport taslamasyny düzmegi talap edýär. Oýunçynyň möwsümiň ahyryna çenli belli bir karara geljekdigi aýdylýar.
18 martda Laportanyň Messä ömürlik şertnama baglaşmagy teklip etjekdigi belli bolupdy. Ylalaşyk argentinaly futbolçy bilen onuň karýerasy gutarandan soňky hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi göz öňünde tutmalydy.
2020-nji ýylyň tomsunda Messi katalon klubyny terk etmekçi bolupdy. Ýöne «Barselonanyň» ýolbaşçysy ony galmaga yrmagy başarypdy. Häzirki ylalaşygyň möhleti 2021-nji ýylyň tomsunda tamamlanýar, onda görkezilen puluň mukdary bolsa 55 million ýewro barabardyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply