DÜNÝÄDÄKI HABARLARLUKMANÇYLYK

Dünýäde ilkinji ýogurt görnüşindäki waksina döredilýär

Peterburgyň lukmançylyk synag Institutynda koronawirusyň garşysyna täze waksinanyň klinikadan öňki synaglary tamamlanyp barýar. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ony «ýogurt görnüşindäki waksina» diýip atlandyrdylar. Hakykatda, oňa ýogurt diýip aýdyp bolmaýar (dogrusy ýogurt düýbünden däl), ol has çylşyrymly we geljegi bar serişde. Bu barada institutyň molekulýar biologiýa bölüminiň müdiri Aleksandr Suworow «Комсомолкa» в Петербурге» («Komsomolka Peterburgda») neşirine gürrüň berdi.
Onuň esasyny içine «SARS-CoV-2» koronawirusyň täze genomlarynyň «bölekleri» salnan adaty süýtli turşy bakteriýalary düzýärler. Adam ony içenden soň, bu bakteriýalar ýokanç (wirus) beloklaryny öndürip başlaýarlar, adamyň immun ulgamy bolsa oňa garşy antitelolary (organizme üýtgeşik maddalar girizilende işläp çykarýan hem-de onuň zyýanly täsirini ýok edýän maddalary) işläp başlaýarlar. Bakteriýalary gatyga, ýogurta, rýaženka, hat-da doňdurma hem garyp bolýar. Ýa-da ony guradyp, soňra süýtde eredip içmek mümkin.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply