Hem bagşy, hem saz gurallarynyň ussasy
Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy adyndaky şäherçe medeniýet öýüniň işgäri Guwanç Berdiliýew aýdym aýtmakdan başga-da, saz gurallaryny ýasamak bilen hem meşgullanýar.
Ol bagşylaryň maşgalasynda ulaldy. Atasy Ýagşymyrat Berdiliýew we kakasy Gurbangeldi Berdiliýew dagylar öz döwründe ussat sazanda hem bagşy bolupdyrlar. Olaryň täsiri bilen Guwanç hem çagalygyndan aýdym-saz bilen meşgullanyp başlady. Ol çagalaryň arasynda her ýyl geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynda üstünlik gazandy. Etrapdaky Mustak Aýmedow adyndaky çagalar sungat mekdebiň tamamlady. Şol ýyllardan bäri hem dutary, tary elinden düşürmän gelýär, halk aýdymlary bile bir hatarda estrada aýdymlaryny hem aýdýar.
Ol dutar, tar, gyjak ýaly kirişli saz gurallaryny ýasaýar. Bu käri ol kakasyndan öwrenipdir. Onuň ýasan saz gurallary sungat işgerleriniň arasynda uly islegeden peýdalanýar.
Aýdym-saz bilen meşgullanmak, saz gurallaryny ýasamak maşgalada nesilden nesle geçip gelýär. häzir Guwanç bu kesbi ogly Hangeldä öwredýär.