JEMGYÝET

Döwrebap awtobuslar ýolagçylara hyzmat edýär 

 Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň garamagyndaky «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigine 2023-nji ýylda Ýaponiýada öndürilen 28 ýolagça niýetlenen «Toyota Coaster» kysymly awtoulaglaryň 170 sanysy hem-de 2023-nji ýylda öndürilen 13 ýolagça niýetlenen «Toyota Hiace» kysymly awtoulaglaryň 20 sanysy sowgat hökmünde gowşuryldy. 

  Welaýatyň ýaşaýjylarynyň buýsanjyna öwrülen rahatlygy bilen tapawutlanýan täze ýolagçy awtoulaglary etraplardan Türkmenabat şäherine gelýän ýolagçylara, şeýle hem şäherýaka ilatly ýerleriň ýaşaýjylaryna hyzmat eder. 

  Şonuň bilen birlikde welaýata gelip gowşan täze awtoulaglar edara-kärhanalardan hem-de raýatlardan kabul edilen buýurmalar esasynda gatnawlary amala aşyrar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: