JEMGYÝET

Sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlanan duşuşyklar geçirilýär

Şu günler Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň, welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň hem-de welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň hünärmenleriniň bilelikde guramaklarynda etraplarda we Türkmenabat şäheriniň çäklerinde ýaşaýan uzagara gatnaýan ulaglaryň sürüjileriniň arasynda we orta hünär okuw mekdeplerinde, çagalar baglarynda wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär.

Duşuşyklarda hünärmenler tarapyndan sagdyn durmuş ýörelgeleriniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmegiň hem-de durmuşa ornaşdyrmagyň döräp biläýjek dürli ýokanç kesellerden goraýandygy, şeýle-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň ynsan saglygyna ýetirýän uly ähmiýeti barada gürrüň berilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: