Lebap sement zawodynda 250-ä golaý iş orny döredildi
«Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynda 250-ä golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli zerur önümçilik we durmuş şertleri döredilendir» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow zawodyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda aýtdy.
Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, kärhana 38 sany binadan we desgadan ybarat bolup, dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän, şol sanda sulfata (duza) durnukly ýokary hilli sement önümleriniň ýylda 1 million tonnasyny öndürmäge ukyplydyr.
Mälim bolşy ýaly, zawodyň täze tapgyry 13-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp, ulanylmaga berildi.