YKDYSADYÝET

«Lebapsuwhojalyga» täze tehnikalar geldi

«Lebapsuwhojalyk» önümçilik birleşigine Ýaponiýanyň kuwwatly tehnikalarynyň 18 sanysy gelip gowuşdy. Önümçilik birleşigine ýakyn wagtyň dowamynda ýene-de şeýle tehnikalaryň 15-si getiriler.

Häzir welaýatda bar bolan suw desgalarynyň, akabalaryň talabalaýyk derejede saklanylmagy üçin tehnikalaryň üsti yzygiderli ýetirilip durulýar. Welaýatyň çäginde diňe bir suw akabalarynyň uzynlygy 6928 kilometre barabardyr. Şonuň 1695 kilometri hojalygara, 5233 kilometri içerki suw akabalarydyr. Mundan başga-da suw hojalyk işgärleri umumy uzynlygy 7925 kilometrden gowrak bolan şor suw akabalarynyň hem kada laýyk hereket etmegini mydama gözegçilikde saklaýarlar. Welaýat boýunça her ýylda suwaryş akabalarynyň müňlerçe kilometri çuňaldylyp, arassalanylyp durulýar. Şu ýylyň başyndan tapgyrma-tapgyr gelip ugran tehnikalar welaýatyň ekerançylyk ýerlerine suw eltýän hojalygara we içerki akabalaryň, şeýle hem şor suw akabalarynyň kada laýyk hereket etmegini üpjün etmekde uly goldawdyr. Akabalaryň arassalygy suw ýitgisiniň hem öňüni alýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: