Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda önümçiligiň depgini ýokarlanýar

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda şu ýylyň geçen ýedi aýynda 2 million 875 müň tonna golaýy gaýtadan işlenildi. Netijede, meýilnama 110,1 göterim ýerine ýetirildi.

Benzin taýýarlamak baradaky meýilnama 118,3 göterim, kerosin babatda 112,4 göterim, dizel ýangyjy babatda 112 göterim ýerine ýetirildi. Toplumda suwuklandyrylan gaz, polipropilen, çalgy ýaglaryny taýýarlamakda hem gowy netijeler gazanyldy. Toplumda öndürilýän önümleriň belli bir mukdary eksporta iberilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector