JEMGYÝET

Döredijilik işgärleri Lebapda saparda bolýarlar

Şu günler Türkmenistanyň merkezi gazet-žurnallarynyň ýolbaşçylary Lebap welaýatynda döredijilik saparynda bolýarlar.

Düýn olar welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine baryp gördüler we bu ýerde döredilen ÝUNESKO burçy bilen tanyşdylar. Şeýle hem myhmanlar muzeýiň bölümlerini birme-bir aýlanyp görüp, gazet makalalary hem-de telegepleşikler üçin maglumatlary ýygnadylar.

Şu gün döredijilik saparynyň çäklerinde bu ýerde ýaşlar bilen duşuşyk geçirildi. Oňa welaýatyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary gatnaşdylar. Bu duşuşyk «Watan», «Türkmen gündogary» gazetleriniň hem-de «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýalary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşi hem-de welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi tarapyndan geçirildi.

Şeýle hem şu gün myhmanlar Amyderýa döwlet tebigy goraghanasyna baryp gördüler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: