JEMGYÝET

Daşkentde Magtymguly Pyragynyň goşgulary ýaňlandy

Daşkent şäherinde türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan «Magtymgulynyň döredijiliginde türkmen we özbek halklarynyň dostluk nyşany» atly dabaraly maslahat geçirildi. Ony Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy Özbegistan Respublikasynyň Türkmen milli medeni merkezi bilen bilelikde gurady.

Çärä Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Milletara gatnaşyklary we daşary ýurt döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar komitetiniň wekilleri, Özbegistanyň Ýazyjylar birleşmesiniň agzalary, Daşkent şäher, Daşkent welaýat, Garagalpagystan we Kaşkaderýa welaýat Türkmen milli medeni merkeziniň ýolbaşçylary we agzalary, Özbegistanda bilim alýan türkmenistanly talyplar, türkmen diasporasynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda şahyrlar, edebiýatşynaslar çykyş edip, türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň we onuň atasy Döwletmämmet Azadynyň eserleriniň özbek diline terjime edilip, ösüp gelýän ýaş nesle ýetirilýändigini bellediler.

Çäre Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň çeper okaýyşlary we uly konsert bilen tamamlandy. Çärä gatnaşanlar halylar we haly önümleri, milli şaý-sepleri, saz gurallary, sungatyň amaly-haşam işleri bilen bu ýerde gurnalan sergide tanyş boldular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: