JEMGYÝET

Kerkiden Türkmenbaşa yzygiderli howa gatnawy ýola goýuldy

Düýn Kerkiniň halkara howa menzilinden Türkmenbaşy şäherine ýolagçy uçarynyň ilkinji uçuşy amala aşyryldy. Uçuş bir ýarym sagat dowam etdi.

Bir ýyl mundan öň diýen ýaly ulanylmaga tabşyrylan howa menzili Kerkiniň töweregindäki etraplaryň ýaşaýjylary üçin amatlyklary döretdi. Öň bu ýerden Aşgabada hepde-de dört gezek Aşgabada uçup bolýardy. Indi sebitiň ýaşaýjylary Türkmenbaşy şäherine hem göni uçup bilerler. Uçuş hepde-de bir gezek — duşenbe günleri — amala aşyrylýar. Şonuň ýaly-da, hepdäni anna günleri bu ýerden Daşoguza hem uçup bolýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: