MEDENIÝET

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy

Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebinde «Magtymguly Pyragy — adamzat kalbynyň şahyry» atly dabara geçirildi. Bu dabara welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guraldy.

Nusgawy şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çärä bilim, medeniýet işgärleri, kitaphanaçylar, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada akyldar şahyryň edebi mirasynyň ýaş nesli millilik, watansöýüjilik, lebzihalallyk, asyllylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda buýsançly gürrüň edildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemäge giňden taýýarlyk görülýär. Bu wajyp işe bilim, medeniýet işgärleri hem öz mynasyp goşantlaryny goşmalydyrlar diýlip çykyşlarda nygtaldy. Çäre mahalynda kitaphanaçylar şahyryň dürdäne şygyrlaryna syn berdiler.

Şol gün bu ýerde Magtymguly Pyragynyň dürli ýyllarda neşir edilen kitaplarynyň sergisi hem guraldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: