BILIM

Türkmenabatda mugallymlaryň hünär kämilleşdiriş okuwlary geçirildi

Welaýat baş bilim müdirliginiň ýanyndaky Döwlet umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezi tarapyndan şu aýda geçirilen okuwlar hem netijeliligi bilen tapawutlandy.

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdepde welaýatyň etrap-şäherlerinden gelen türkmen dili we edebiýat mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda okuw geçirildi. Bir hepde dowam eden okuwlary mugallym ― lektorlaryň dördüsi alyp bardy. Oňa welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden gelen mugallymlaryň 30-a golaýy gatnaşdy.