JEMGYÝET

Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde yglan eden «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýaşlaryň gözi bilen» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Düzgünnama laýyklykda, ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan 35 ýaşa çenli bolan ýaşlary, ýaş žurnalistler, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr mugallymlary, mekdep okuwçylary bu bäsleşige işjeň gatnaşdylar. Şunlukda, bu döredijilik bäsleşigine niýetlenip ýazylan makalalardyr oçerkleriň, söhbetdeşlikleriň jemi 122-si hasaba alyndy. Eminler toparynyň agzalary bäsleşige hödürlenen eserleri içgin seljermek bilen, olaryň many-mazmunyna we çeperçiligine baha berdiler. Olaryň arasyndan iň mynasyplary bolsa bäsleşigiň ýeňijileri hökmünde kesgitlenildiler we baýramçylyk sowgatlary bilen sylaglanyldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: