JEMGYÝET

Serişdeleri gaýtadan dikeldilýän ykdysadyýete we galyndylary dolandyrmaga bagyşlanan webinar geçirildi

«Türkmenistanyň mümkinçiligini güýçlendirmek: serişdeler gaýtadan dikeldilýän ykdysadyýet we galyndylary dolandyrmak» atly jemleýji webinar geçirildi. Ony Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi «Ekonlaýn Interneýşnl» JÇJ hem-de DEKONTA kompaniýasy bilen bilelikde guradylar. Onda galyndylary ulanmak boýunça häzirki hereket edýän Milli strategiýa maslahatlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara bilermenleri webinara gatnaşyjylara iň gowy we elýeter tehnologiýalary, öňdebaryjy halkara pudaklaýyn iş tejribelerini, şeýle hem galyndylary dolandyrmak boýunça häzirkizaman strategiýalaryny görkezdiler. Serişdeler gaýtadan dikeldilýän ykdysadyýet meseleleri boýunça bilermenleriň kömegi bilen sebitiň we Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň öňdebaryjy mysallaryna garaldy we olar öwrenildi.

Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleriniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň telekeçileriniň gatnaşmagynda galyndylary peýdalanmak boýunça «tegelek stol » geçirildi. Olar galyndylary gaýtadan işlemegiň, şeýle hem öndürijiniň giňeldilen jogapkärçiliginiň görnüşlerini we usullaryny girizmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Galyndylary ulanmak boýunça Milli strategiýany işläp taýýarlamaga aýratyn üns berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: