JEMGYÝET

Kerkiniň Halkara howa menzilinden yzygiderli howa gatnawy amala aşyrlyp başlandy

Şu gün Kerkiniň Halkara howa menzilinde yzygiderli howa gatnawy amala aşyrylyp başlandy. Aşgabatdan günüň birinji ýarymynda T5-313 gatnaw belgili uçan uçar bir sagatdan soň Kerkiniň aeroportuna gondy. Bi sagatdan soň ol ýolagçylar bilen yzyna uçdy.

Şeýlelikde, Halaç, Hojambaz, Kerki, Döwletli, Köýtendag etraplarynyň ýaşaýjylary üçin türkmenabat şäherine gelmezden, paýtagta gysga ýol bilen aşmaga mümkinçilik aldylar.

Kerkiniň Halkara aeroporty 2021-nji ýylyň iýunynda ulanylmaga tabşyrylypdy. Oňa dört harply UTAE kodunyň berlendigi baradaky ICAO-nyň resminamasy hem-de Mýunheniň Halkara howa menzili tarapyndan halkara ülňülere laýyk gurlandygy baradaky laýyklyk güwänamasy gowşuryldy.

ICAO-nyň indeksi howa gullugynyň ýerleşýän ýerini görkezýär, ol bellenilen çäkleriň arasyndaky aragatnaşygy düzgünleşdirýär hem-de aeronawigasiýanyň howpsuzlygyny, yzygiderliligini, netijeliligini hem-de tygşytlylygyny üpjün etmek üçin niýetlenendir.

Laýyklyk güwänamasy meýilnamalaşdyrmak, taslamalaşdyrmak, olaryň fiziki häsiýetnamalaryna, howa menzilleriniň ulanylmagyna, oňa tehniki taýdan hyzmat etmäge bildirilýän talaplar, şeýle hem peýdalanylýan gonuş, nawigasiýa, meteorologiýa, yşyklandyryş-habar beriş ulgamlarynyň, beýleki zerur ulgamlaryň halkara kadalaryna we ülňülere laýyk gelýändigini tassyklaýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: