DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Kanadaly zenan tort almaga dikuçarda bardy

Kanadanyň Saskatçewan welaýatynda bolgusyz ýagdaý boldy. Bir zenan näbelli sebäplere görä tort almaga dikuçarda ugrady we ony awtomobilleriň duralgasynda düşürdi, diýip «mir24.tv» saýty habar berýär.

Awtomobilleriň duralgasynyň ýakynynda mekdebiň, suwa düşülýän howuzyň bardygy, diýmek, adamlaryň howply ýagdaýa düşmeginiň mümkindigi jemgyýetçilik tertibini bozanyň piňine-de däldi. Şaýatlaryň aýtmaklaryna görä, dikuçar düşen wagty asmana tozan we hapa bulut ýaly bolup galypdyr. Zenan hiç zat bolmadyk ýaly, dikuçardan düşüp, dükana ugrapdyr we doňdurmaly tort alyp çykypdyr. Polisiýa ony howa ulagyny howply dolandyrandygy üçin aýyplady. Onuň işine kazyýet 7-nji sentýabrda sereder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: