SPORT WE SYÝAHAT

Messi aýlygynyň bir bölegini kriptowalýutada alar

«PSŽ»-e täzelikde geçen Lionel Messi aýlygynyň bir bölegini kriptowalýutada alar. Bu barada «The Telegraph»-a salgylanmak bilen, «championat.com» habar berýär.

Näçe göteriminiň kriptowalýutada boljakdygyny neşiriň çeşmeleri aýtmandyrlar, ýöne onuň ýeterlik derejede köp boljakdygy welin belli. 10-njy awgustda Messi «PSŽ» bilen iki ýyllyk şertnama baglaşypdy. Ylalaşykda ony ýene-de bir möwsüme uzaltmak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulan.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: