DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

“Barselonanyň” goragçysy “Atletiko” geçmegi mümkin

“Barselonanyň” goragçysy Markos Alonso erkin agent hökmünde “Atletiko” geçmäge mümkinçilik aldy.

Madridiň Mario Ermoso we Aksel Witsel bilen baglaşan şertnamalary şu möwsümiň ahyryna çenli hereket edýär. Eger olaryň biri ýa-da ikisi-de gitse, “Atletikonyň” gorag çyzygyny güýçlendirmek üçin futbolçy gözlemeli bolar.

Şol bir wagtyň özünde, Alonsonyň kataloniýalylar bilen şertnamasy şu möwsümiň ahyryna çenli hereket edýär. “Atletikonyň” baş tälimçisi Diego Simeone bu oýunçynyň oýun hereketlerini halaýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: