JEMGYÝET

Welaýat kitaphanasy Magtymguly Pyraga bagyşlanan mowzuklaýyn agşam geçirdi

Lebap welaýat kitaphanasynda geçirilen mowzuklaýyn agşam Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy. Oňa Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň, Türkmenstanyň Döwlet habarlar agentliginiň we welaýat kitaphanasynyň işgärleri gatnaşdylar.

Mowzuklaýyn agşama gatnaşyjylaryň arasynda talyp ýaşlar hem bar. Onuň barşynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirilip, Magtymguly Pyraga we onuň döredijiligine goýulýan sarpa barada gürrüň edildi.

Çäräniň dowamynda akyldar şahyra bagyşlanan kitap sergisi hem guraldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: