JEMGYÝET

Aral deňzinde suwuň mukdary iki essä ýakyn köpeldi

Gazagystan tarapyndan «Syrderýanyň akymynyň ugruny sazlamak we Aral deňziniň demirgazyk bölegini saklap galmak» taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde Aral deňziniň suwunyň mukdary 11,5 kilometr kub artdy. Bu barada Gazagystanyň ekologiýa, geologiýa we tebigy serişdeler ministri Serikkali Brekeşew habar berýär, diýip, «ТАСС» ýazýar.

«Taslamanyň birinji fazasynyň netijeleri boýunça Syrderýanyň suw geçirijilik ukyby sekundda 350 metr kubdan sekundda 700 metr kuba çenli artdy; deňziň suwunyň mukdary 11,5 kilometr kub (15, 6 km kubdan 27,1 km kuba çenli) artdy; suwuň minerallaşmagy 23 g/l-den 17 g/l-e çenli azaldy» diýip, ministrligiň metbugat gullugy Brekeşewiň aýdanlaryny getirýär.

Ministr Aral deňzini dikeltmegiň taslamasynyň ikinji fazasyna taýýarlyk görülýändigini aýtdy. Onuň durmuşa geçirilmeginiň barşynda gidrotehniki binalary gurmaklyk we olaryň durkuny täzelemek, şonuň ýaly-da Aral deňzindäki balyk ýetişdirilýän ýerleriň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar.

«Syrderýanyň akymynyň ugruny sazlamak we Aral deňziniň demirgazyk bölegini saklap galmak» taslamasy Gazagystan tarapyndan 2002-nji ýylda öňe sürülipdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: