«Derýaçy» futbol topary Lebap welaýatynyň kubogyna mynasyp boldy.

Lebap welaýatynyň kubogy ugrundaky ýaryşa futbol toparlarynyň sekizisi gatnaşdy. Toparçalaýyn duşuşyklaryň netijesinde «Miras», «Garagum», «Derýaçy» we «Farap» toparlary ýarym finala çykmagy başardylar.

Ýarym finalda «Miras» «Garagumy» jogapsyz pökgüleriň ikisi bilen ýeňdi. «Derýaçy» bolsa Farap etrabynyň adybir toparyndan 3:2 hasabynda üstün çykdy.

«Derýaçy» bilen «Mirasyň» arasynda geçirilen final duşuşygy bolsa 3:1 hasabynda tamamlandy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector