SPORT WE SYÝAHAT

Pekindäki gyşky Olimpiada: nemes türgenleri birinji orny saklamagyny dowam etdirýärler

11-nji ýanwarda Germaniýadan gelen türgenleri ýene-de iki: bir altyn we şonça kümüş medal gazandylar. Şeýlelikde, olar medallarynyň sanyny on bire (olaryň ýedisi — altyn, dördüsi — kümüş) ýetirmek bilen, öňdeligini saklap galdylar.

Olaryň yz ýanyndan, öňküsi ýaly, norwegler barýarlar. Olaryň hasabynda on dört: alty altyn, üç kümüş we bäş bürünç medal bar.

Niderlandlylara günüň jemi boýunça on: bäş altyn, dört kümüş we bir bürünç medal bilen  üçünji setire galmak başartdy.

Şwesiýaly türgenlere altynjy setirden dördünji setire galmak başartdy. Olaryň hasabynda dokuz: bäş altyn, iki kümüş we şonça bürünç medal bar.

Günüň jemleri boýunça bir kümüş medal gazanan Awstriýa altynjy orunda barýar. Indi bu ýurduň ýygyndysynyň hasabyndaky medallaryň sany on dörde ýetdi. Olaryň dördüsi — altyn, ýene-de şonçasy — kümüş we altysy — bürünç.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: