DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Delfinler adamy halas etmäge kömek etdiler

Suwda ýüzmäge çykan adam Irlandiýanyň Trali aýlagynda 12 sagatlap doň ýaly suwda boldy. Ony halas etmäge delfinler kömek etdiler, diýip «rambler.ru» ýazýar.

30 ýaly irlandiýaly kenardan sekiz kilometr aralyga ýüzmegi ýüregine düwüpdir, ýöne ýüzmäge taýýar däl eken we yzyna dolanyp bilmändir. Kenar goragy plýažda onuň eşiklerini görenden soň halas edijileri kömege çagyrypdyr. Halas edijiler ony gaýykda we dikuçarda göläpdirler. Netijede ony ýüzüşe gideninden 12 sagat soň kenardan dört kilometr uzaklykda tapdylar. Ol örän ýadaw we üşän, ýöne essinde eken.

Halas edijileriň toparynyň wekili adamy halas etmäge onuň daşyny gurşap alan we ünsüni çeken delfinleriň sürüsiniň kömek edendigini aýtdy. Halas ediş toparynyň gämisiniň kapitanynyň aýtmagyna görä, deňiz haýwanlary irlandiýalynyň daşyndan töwerekleýin ýüzüpdirler we özlerini agressiw alyp barmandyrlar. Dogrusy, olar ony goramaga çalyşypdyrlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: