BILIM

Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynyň birnäçesi okuwa goşmaça kabul edýändigini yglan etdiler

Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynyň birnäçesi, şol sanda, meşhurlary birinji ýyl talyplarynyň gerekli mukdaryny alyp bilmediler. Ekspertler bu kabul etmegiň täze düzgünleri — kabul etmegiň ikinji tapgyrynyň aýrylanlygy sebäpli bolup geçendir diýip hasap edýärler. Bu barada «Коммерсантъ» gazeti habar berýär.

Birbada Moskwanyň döwlet uniwersitetiniň birnäçe fakulteti tölegli esasda talyplary goşmaça kabul edýändigini yglan etdiler. Olaryň arasynda žurnalistika, psihologiýa, filosofiýa, hukuk we geografiýa fakultetleri bar.

Irkutskiniň we Sewastopolyň döwlet uniwersitetleri hem goşmaça kabul edişligi yglan etdiler.

Ýenede birnäçe ýokary okuw jaýlary talyplary goşmaça kabul edýändiklerini habar berdiler. Olaryň käbirleri býujet ýerlere kabul etmäge hem taýýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: