Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi 2023-nji ýylyň dowamynda welaýatyň wekiliýetleriniň Aşgabat, Arkadag şäherlerine hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna iş saparlarynyň 50-den gowragyny gurady.
Arkalaşygyň lebaply agzalary şanly ýylyň ilkinji günlerinden başlap, paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde geçirilen dürli maslahatlara, bäsleşiklere we gezelençlere gitdiler. Şeýle hem ýanwar―aprel, oktýabr―dekabr aýlary aralygynda kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň wekilleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky okuw maslahatlaryna yzygiderli ugradyldy.
Ýylyň dowamynda keçe sungaty bilen meşgullanýan zenanlarymyz, bagbanlar, muzeý we kitaphana işgärleri hem-de beýlekiler köpsanly bäsleşiklere gatnaşyp, olardan ýeňişli gaýdyp geldiler. Tomus aýlarynda bolsa uly ýaşlylar we çagalar ýörite ýollanmalar bilen ýurduň iň şypaly künjeklerinde dynç alyp, saglygyny berkitdiler.
Iş saparyna ugradylan wekiliýetleriň ählisiniň ýol we ýaşaýyş harajatlary welaýat birleşmesi tarapyndan tölenildi. Birleşme täze ýylda hem işjeň agzalaryny höweslendirip, dürli bäsleşikleriň üsti bilen zehinlileri ýüze çykarmaga ýakyndan gatnaşmagy meýilleşdirýär.

