JEMGYÝET

Lebap welaýatynda ählihalk ekologiki çäreleri geçirildi

Lebap welaýatynyň ähli şäherlerinde we etraplarynda ählihalk ekologiki çäreleri geçirildi. Onuň dowamynda müňlerçe agaç nahallary oturdyldy.

Çärelere Türkmenabat halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda gurulýan ýaşaýyş jaý toplumynyň ýanyndandaky meýdana berildi. Sogaply işe ak pata berenlerinden soň il-sylagly ýaşulular ilkinji agaç nahallaryny oturtdylar. Ekologiki çärä gatnaşyjylar: kärhanalaryň, edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň we orta-hünär okuw mekdeplerini talyplary olaryň göreldesine eýerdiler. Netijede sähel wagtyň içinde 4000 gektar meýdanda 10 müň düýp agaç nahallary oturdyldy. Güýz möwsüminde bolsa welaýat boýunça jemi 96 müň 655 düýp nahal oturtmak göz öňünde tutulýar. Munuň üçin 114 gektardan gowrak ýer bölekleri bölünip berildi.

Medeniýet we sungat ussatlarynyň açyk meýdanda guran konserti çäräniň geçýän ýerine baýramçylyk ruhuny çaýdy.

Ählihalk ekologiki çäreleri welaýatyň hemme şäherlerini we etraplaryny gurşap aldy. Şu gün ähli ýaşaýyş ýerlerinde ýaş nahallary oturtdylar, şonuň ýaly-da öňden gögerip duran agaçlara ideg etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: