Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Daşoguzly telekeçi alma we erik kişdesini öndürýär

Sep 13, 2021

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Gaýyp Begliýewiň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda ýerleşýän miwe kişdesini taýýarlaýan önümhanasynda alma we erik kişdesi öndürildi, diýip «Rysgal» gazeti ýazýar.

2016-njy ýylda esaslandyrylan önümhanada işçileriň 10-dan gowragy zähmet çekýär. Bu ýerde oturdylan ýokary hilli enjamyň kömegi bilen miweleri kesmek, olaryň şänigidir çigidini aýyrmak, kakatmak, taýýar önümi gaplamak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Önümhanada taýýarlanan alma we erik kişdesi «Ýedi ýyldyz» haryt nyşanly gaplara gaplanylýar. Bu önümler ekologiýa taýdan arassalygy we saglyga peýdalylygy bilen tapawutlanýar.

Adblock
detector