Türkmenistanly žurnalistler ÝHHG-niň onlaýn maslahatyna gatnaşdylar
2021-nji ýylyň 9-10-njy sentýabrynda Daşkent şäherinde onlaýn hem-de göni gatnaşyk görnüşinde ÝHHG-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin her ýyl geçirilýän Merkezi Aziýa boýunça 23-nji maslahaty geçirildi. Nobatdaky duşuşygyň temasy «Merkezi Aziýada KHBS-leriň jemgyýetçilik ähmiýetiniň ýokarlandyrylmagy» boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işle ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Özbegistandan we Mongoliýadan hökümete, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine, raýat jemgyýetine hem-de ylmy bileleşige wekilçilik edýän 70-e golaý gatnaşyjylar ahlak ülňüleriniň we auditoriýa bilen özara hereket etmegiň nukdaýnazaryndan jemgyýetçilik habar berişiniň häzirki gymmatlyklaryny, mazmunyny we strategiki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Merkezi Aziýanyň media-ulgamynyň wekilleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynyň hem-de ýurduň garaşsyz habarlar agentlikleriniň hünärmenleri hem maslahata göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly işjeň gatnaşdylar.