JEMGYÝET

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri üçin trening geçirildi

Aşgabatda ÝHG-niň Merkeziniň goldamagynda Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň we beýleki döwlet edaralarynyň wekilleri bilen saýlaw işini alyp barmagyň öňde baryjy tejribeleri boýunça seminarlaryň we treningleriň toplumy başlandy.

Bu çärelere gatnaşmaga  BMG-niň, hususanda, BMG-niň syýasy meseleler we dünýä gurluşynyň meseleleri boýunça Departamentiniň saýlawlary geçirmäge kömek boýunça Bölüminiň wekilleriniň çagyrylandygy barada DMI-niň saýty habar berýär, diýip «turkmenportal.com» ýazýar.