JEMGYÝET

Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä gününe bagyşlanan sergi işläp başlady

Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä gününe bagyşlanan wagtlaýyn sergi işläp başlady.

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap bölüminiň, Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň, welaýat Daşky gurşawy goramak müdirliginiň işgärleri, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary serginiň ilkinji tomaşaçylary boldular. Bu ýerde türkmen tebigaty, ony goramak barada edilýän işleri suratlandyrýan eksponatlar we maglumatlar goýlupdyr. Sergini görmäge gelýänler sebitiň haýwanat we ösümlik dünýäsi, olaryň Gyzyl kitaba girizilen görnüşleri bilen hem tanşyp bilýärler.

Serginiň açylyş dabarasynyň öň ýanynda bu sena bagyşlanan maslahat geçirildi. Onda myhmanlar sykyş etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: