JEMGYÝET

Türkmenabat ― Gazojak aralygynda gündelik otly gatnap başlady

2023-nji ýylyň 19-njy aprelinden Türkmenabat ― Gazojak aralygynda gündelik otlynyň hereketi ýola goýuldy.

Otly Türkmenabat şäherinden her gün sagat 03:40-da ýola düşýär we 7 sagat 20 minut ýol geçip, gündiz sagat 12-de Gazojak şäherine barýar.

Gazojak ― Lebap welaýatynyň iň demirgazyk şäheridir. Ol Ürgenç (Özbegistan) ― Türkmenabat (Türkmenistan) demirýol ulgamynyň ugrunda ýerleşýär.

Bu aralyk üçin petekleri demirýol menzilinden ýa-da Internetden satyn alyp bolar. Türkmenabat ― Gazojak aralygyndaky plaskart wagonyň petegi 22 manat 95 teňňe, küpe wagon üçin petek 26 manat 35 teňňedir.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: