Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň halyçylaryny, halkyny, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXII mejlisine hem-de Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisine gatnaşyjylary Türkmen halysynyň baýramy bilen gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň halyçylaryny, halkyny, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXII mejlisine hem-de Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisine gatnaşyjylary Türkmen halysynyň baýramy bilen gutlady.
Gutlag hatynda: «Sizi milli buýsanjymyz bolan Türkmen halysynyň baýramy, bu baýram mynasybetli geçirilýän «Arşyň nepisligi — türkmen halysy» atly türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXII mejlisiniň hem-de Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!» diýilýär.