YLYM WE TEHNIKA

Ilkinji uçýan ulag görkezildi

Amerikanyň Detroýt awtoulag sergisinde dünýädäki ilkinji uçýan awtoulagyň prototipi görkezildi. Modeliň suratlary «New York Post» tarapyndan neşir paýlaşyldy diýip, KP.RU habar berýär. 

Neşirde bu barada: «Alef Aeronautics» kompaniýasy awtoulagyň adaty sedana meňzeýän «Model A» prototipini hödürledi. UFO (uçýan gazana) meňzeş köpürjikli içki bölekden başga-da, iki ýolagçyny ýerleşdirip biler ýaly uludyr» diýip ýazylýar.

Bellenmegine görä, dünýädäki ilkinji uçýan awtoulagyň yzygiderli önümçiligini, takmynan, iki ýyldan soň başlamak meýilleşdirilýär. Awtoulagyň bahasynyň 300 müň dollar töweregi bolmagyna garaşylýar.

Geçen ýylyň güýzünde «Alef Model A» üçin öňünden sargytlar açyldy ―  150 sany uçýan awtoulagy 299,999 dollardan öňünden bellemek mümkindi. Müşderilere awtoulaglary 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde gowşurmak wada berilýär.

2023-nji ýylyň tomsunda «Alef Aeronautics» kompaniýasynyň baş direktory bu modeliň ABŞ-nyň Federal Awiasiýa dolandyryşyndan uçmaga rugsat berilýän şahadatnamany alan birinji tapgyrdaky başlangyjydygyny aýtdy. Şeýlelik bilen, kompaniýa synagy başlap biler.